Sepleriň elýeterliligi

Pakistan generaly ýalňyşlykda 13 esgeriň öldürilendigini aýdýar


Pakistan harbylarynyň komandiri ýalňyş atylan oklaryň 13 esgeri, şol sanda 2 ofiseri öldürendigini aýdýar. Ilki olaryň ölümi owgan serhetine golaý ýerleşýän yslamçy jeňçilerden görlüpdir.

General leýtenent Asif Ýasin Malik şu gün esgerleriň Kaýber tire sebitindäki Şindhand töwereginde öz nökerlerine hüjüm edilen komandiriň talaby esasynda atylan minomet okundan ölendigini aýtdy.

Malik birnäçe jeňçiniň hem öldürilendigini, käbiriniň tussag edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG