Sepleriň elýeterliligi

Bagdadyň Ýaşyl zolagyna atylan raketalardan bir adam öldi


Yrak resmileri Bagdatdaky Ýaşyl zolagyň içine atylan raketanyň bir adamy öldürip, dördüsini ýaralandygyny aýdýarlar.

Katýuşa raketalarynyň birinjisi Tigr derýasynyň aňyrsyndaky kiçiräk myhmanhananyň golaýyna düşdi.

Ikinji raketa Ýaşyl zolagyň içine, hökümet edaralarynyň we daşary ýurt ilçihanalarynyň berk goragly ýerine atyldy. Emma ondan hiç kime zeper etmedi.

Bu hüjümler Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň Yraga edýän söwda saparynyň ikinji gününde boldy.
XS
SM
MD
LG