Sepleriň elýeterliligi

Saudlylar aýallaryň ses bermegine entek taýýar däl diýýär


Saud Arabystanynyň häkimiýetleri entek özleriniň aýallaryň saýlawlarda ses bermegine rugsat bermäge taýýar däldiklerini aýdýarlar.

Saýlaw komissiýasynyň başlygy Abdulrahman al-Dahmaş duşenbe güni aýallaryň geljekki saýlawlarda ses berip biljegini aýtdy. Emma ol aýallaryň ýetip gelýän şäher saýlawlaryna gatnaşmagy üçin taýýarlyk işleriniň gutarylyp bilinmändigini habar berdi.

Roýters sentýabrda geçiriljek şäher saýlawlary üçin hasaba alyşlygyň aprel aýynda başlanmalydygyny aýdýar.

Saud Arabystany özüniň ilkinji şäher saýlawlaryny 2005-nji ýylda, diňe erkekleriň gatnaşmagynda geçirdi.

Ikinji saýlaw 2009-njy ýylda geçirilmelidi, emma hökümet onuň iki ýyl yza süýşürilýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG