Sepleriň elýeterliligi

Yrak: welaýat geňeşine edilen hüjümde 10 adam öldi


Yragyň Tikrit şäherinde welaýat geňeşiniň edarasyna edilen hüjümde azyndan 10 adam, şol sanda polisiýa işgärleri we graždan adamlar öldürildi.

Howpsuzlyk resmileri ýaragly adamlaryň ulag bombalaryny, partlaýjy guşaklary we el granatlaryny ulanyp, Salah el-Din welaýatynyň geňeş edarasyna zabt edendiklerini we adamlary zamun alandyklaryny aýtdylar.

Hökümet güýçleriniň zamunlary boşatmaga synanýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG