Sepleriň elýeterliligi

Klinton: Howa zarbalary Kaddafi BMG-niň rezolýusiýasyny ýerine ýetirýänçä dowam eder


Sişenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy urulýan howa zarbalary liwiýa lideri BMG-niň goýan şertleriniň ählisini ýerine ýetirýänçä dowam eder diýdi.

Klinton bu beýanaty Londonda Liwiýanyň geljegine bagyşlanyp geçirilýän halkara konferensiýada aýtdy.

«Bu koalisiýanyň harby aksiýasy Kaddafi 1973-iň şertlerini, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasynyň talaplaryny doly berjaý edip, raýatlara hüjümini bes edýänçä, goşunlaryny zor bilen giren ýerlerinden yza çekýänçä, esasy hyzmatlaryň we ynsanperwer kömekleriň liwiýalylaryň ählisine ýetirilmegine ýol berýänçä dowam eder» diýip, Klinton aýtdy.

Şeýle-de ol Amerikanyň Kaddafi «gitmeli» diýen pozisiýasyny gaýtalady.

Kaddafä ygrarly güýçler bilen pitneçileriň arasynda söweş barýan wagty geçýän London konferensiýasy 40-dan gowrak ýurduň delegatlaryny we halkara guramalaryny bir ýere jemledi.
XS
SM
MD
LG