Sepleriň elýeterliligi

Ýeýl: ekologik görkeziji boýunça Türkmenistan erbet orunda


Ýeýl uniwersitetiniň alymlary 2010-njy ýyl boýunça ekologik görkezijileri taýýarlady. Oňa dünýäniň 163 ýurdy girip, Türkmenistan sanawda 157-nji orny eýeleýär. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň erbet, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda-da ýaramaz orundyr.

Nebit-gaza baýdygyna garamazdan, töweregiň arassalygy boýunça Türkmenistan dünýäniň iň garyp ýurtlary - Merkezi Afrika Respublikasyndan, Angoladan hem ýer titremede weýran bolan Gaitiden biraz ýokarda.

Ýagdaýyň şeýle ýaramzlygyna köp sanly faktorlar: howanyň içden we daşdan hapalanmagy, pestisidleriň kadalaşdyrylmazlygy, suwuň zerur derejede elýeterli däldigi, onuň arassalanmazlygy, oba hojalygynda köp ulanylmagy we ş.m. sebäp bolýar diýip, hasabatda bellenýär.
XS
SM
MD
LG