Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýadaky AES-de dikeldiş işleri dowam edýär


“Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň territoriýasynda plutoniniň radioaktiw yzlarynyň tapylmagy bilen bagly Ýaponiýada aladalar artýar.

Ýurduň premýer-ministri Naoto Kan AES-de häzirki emele gelen ýagdaýy “öňünden aýdyp bolmajak ýagdaý” diýip häsiýetlendirdi.

Parlamentde oppozisiýa wekilçilik edýän birnäçe deputat tebigy betbagtçylyk bilen bagly hökümet tarapyndan görlen çäreleri tankytlady we olary ýeterlik däl diýip, hasap etdi. Olar atom stansiýasynyň töwereginden göçürilýän zolagy giňeltmäge hökümet başlygyny çagyrdy.

Kanyň sözlerine görä, stansiýa golaý etraplardan 70 müň töweregi adam göçürilipdir. Eger zolak giňeldilse, ýene 130 müň adamy göçürmeli bolar.

Stansiýanyň alty reaktorynda-da sowadyş sistemasyny dikeldiş işleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG