Sepleriň elýeterliligi

“Belarusneft” Birleşen Ştatlaryň gara sanawyna girdi


Birleşen Ştatlar Belarusyň “Belarusneft” döwlet kärhanasyny Eýrana garşy sanksiýalar režimini bozýan kompaniýalaryň sanawyna goşdy.

Waşingtonyň bu karary mundan beýläk “Belarusneftiň” amerikan bazaryna goýberilmejekdigini aňladýar.

Amerikan ýolbaşçylary Eýranyň “NaftIran Intertrade” firmasy bilen “Belarusneftiň” arasynda 2007-nji ýylda 500 million dollarlyk şertnama baglaşylandygy barada özlerinde maglumatyň bardygyny aýdýarlar.

Eýrana garşy girizilen sanksiýa onuň ýadro programmasy bilen bagly.
XS
SM
MD
LG