Sepleriň elýeterliligi

Italiýanyň Lampeduza adasynda ýagdaý aşa ýiti


BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça edarasy Italiýanyň Lampeduza adasynda ýagdaý aşa ýiti diýýär. Sonky döwür bu ýere Tunisden gaty köp mejbury bosgun geldi.

Edaranyň Italiýadaky bölüminiň işgäri Laura Boldrini bosgunlaryň açyk asmanyň aşagynda ýatýandygyny, olarda hiç zadyň ýokdugyny, uzyn gün köçelerde aýlanyşyp ýörendiklerini aýtdy.

Şol bir wagtda-da ýerli ilatyň arasynda nägilelikler artýar. Daşardan gelenleriň sanynyň ýerli ilatdan köpdügini polisiýa belleýär.

Lampeduza Ortaýer deňzinde, Sisiliýanyň golaýynda ýerleşýän adadyr.
XS
SM
MD
LG