Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz türmelerindäki açlyk aksiýalary duruzyldy


Tussaglaryň garyndaşlarynyň protestinden, Bişkek, 2011-nji ýyl.

Tussaglaryň garyndaşlarynyň protestinden, Bişkek, 2011-nji ýyl.

Gyrgyzystanyň türmelerine gözegçilik edýän gullugynyň başlygy Kalybek Kaçkynalyýewiň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ýurduň türmelerindäki açlyk aksiýalary duruzyldy. Häzir türmelerde ýagdaý durnukly we oňa berk gözegçilik edilýär.

25-nji martda gyrgyz türmelerindäki tussaglar türmelerdäki agyr şertler bilen baglanyşykly möhletsiz açlyk çäresine başlandyklaryny yglan edipdiler. Türmelere gözegçilik edýän gullugyň işgärleri bu aksiýanyň arkasynda jenaýatçylar dünýäsiniň wekilleriniň durandygyny aýtdylar.

Gyrgyzystanyň türmelerine gözegçilik edýän gullugyň jogapkär işgäri Şeýşenbek Baýzakowyň sözlerine görä, türmelerdäki açlyk aksiýalary togtadylyp, aksiýa gatnaşyjylar şu gün ertir nahara gelipdirler.

Baýzakow açlyk yglan edenleriň arasynda ölenler bar diýilen maglumatyň ýalandygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy, jalalabatly Alima Amanowa hem açlyk yglan eden tussaglaryň arasynda ölenleriň bardygy baradaky maglumaty inkär etdi: “Hudaý saklasyn, ölenler ýok. Şu gün türmäniň başlygy bilen gepleşdim. Düýn özüm türmä girip çykdym. Aksiýa gatnaşanlardan üç tussagyň keseldigini gördüm”.

Amanowa açlyk aksiýasyna gatnaşanlara däri-dermanlaryň berilýändigini görendigini sözüniň üstüne goşdy.

Komissiýa düzüldi

Amanowanyň inisiatiwasy bilen türmelerdäki ýagdaýy barlamak üçin hökümet tarapyndan ýörite komissiýa düzüldi. Oňa hökümetden, parlamentden, graždan jemgyýetlerinden, tussaglaryň garyndaşlaryndan wekiller giriziler.

Komissiýanyň wezipeleri barada Gyrgyzystanyň ombudsmany Tursunbek Ahun şeýle diýdi: “Açlyk yglan eden tussaglar türmelerdäki şertleriň ýaramazdygyny aýdyp, hökümetiň öňünde 10-a golaý talap goýdular. Biz şolaryň hemmesini barlamaly bolarys. Tussaglara berilýän naharyň hilini, ýaşaýan ýerlerini, olaryň problemalaryny, tussaglaryň urlup-ýenjilmegi baradaky maglumatlary barlarys”.

Açlyk yglan eden tussaglaryň ýurduň hökümetine 7 maddadan ybarat talap goýandyklaryny ýerli adam hukuklaryny goraýjylar aýtdylar. Talaplar: Guramaçylykly jenaýat toparynyň agzasy diýip, günäsiz adamlary tussag etmegi bes etmek, türmelerdäki korrupsiýany çäklendirmek, türmelerdäki şertlere, tussaglaryň däri-derman bilen üpjünçiligine üns bermek, ölüm jezasy berlen tussaglaryň işine gaýtadan seretmek we ş.m.

Hökümet resmileri türmelerdäki açlyk aksiýasyny guramaçylykly jenaýat toparlarynyň agzalarynyň gurnandygyny aýdýarlar. Emma, muňa garamazdan, hökümetiň wekilleri guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy göreşiň dowam etdiriljekdigini nygtadylar.

Tussaglaryň ýene-de bir talaby amnistiýa yglan edilmegi. Deputat Kanybek Imanaliýewiň aýtmagyna görä, amnistiýa yglan etmek boýunça kanunyň proýekti taýýarlanyp, ol şu gün parlament komitetlerine berlipdir.
XS
SM
MD
LG