Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň prezidenti protestlere “dildüwüşlik” diýýär


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurtdaky protestleri döwleti syndyrmagy maksat edinýän “dildüwüşlik” diýip atlandyrdy.

Siriýada protestleriň başlanmagyndan iki hepde gowrak wagt geçenden soň, çarşenbe güni prezident Assad ilkinji gezek halka ýüzlenip, çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda protestleriň dowamynda adamlara şikes ýetirmezlik üçin howpsuzlyk güýçlerine “açyk görkezmeleriň” berlendigini hem mälim etdi.

Prezident Assadyň bu çykyşyndan ýurtda 48 ýyldan bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagyna garaşylýardy. Emma bu çykyş hiç hili möhüm beýanatsyz gutardy.
XS
SM
MD
LG