Sepleriň elýeterliligi

Hindistan-Pakistan “kriket diplomatiýasy” üns merkezinde


Çarşenbe güni Hindistanda “kriket diplomatiýasy” üns merkezinde boldy.

Hindistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleri kriket boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalynda çykyş etjek öz ýurtlarynyň milli saýlama toparlarynyň oýunlaryna tomaşa etmek üçin Hindistanyň demirgazyk şäheri Mohalä geldiler.

2008-nji ýylda 165 adamyň ölmegine getiren pakistanly söweşijileriň Mumbaýda eden terror hüjüminden soň, bu oýun iki ýurduň arasyndaky ilkinji özara bäsleşik boldy.

Bu kriket oýnundan bir gün ozal, iki ýurt Mumbaý wakalaryny derňemek üçin, öz resmilerini birek-birege ugratmaga ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG