Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golland kanun çykaryjysynyň sud diňlenişigi dowam eder


Çarşenbe güni Amsterdamyň sudy yslamy faşizm bilen deňeşdiren we Kurany gadagan etmäge çagyryş eden kanun çykaryjy Geert Wildersiň üstünden geçirilýän sud diňlenişiginiň dowam etmegi barada höküm çykardy.

Azatlyk Partiýasynyň wekili Wilders özüniň ýalňyş iş etmändigini, şeýle-de öz aýdanlarynyň erkin syýasy pikir alyşmalaryň bir bölegi bolandygyny öňe sürýär.

Bu partiýanyň garşydaşlary Wildersiň eden bellikleri sebäpli Niderlandlarda musulmanlara garşy äsgermezligiň artandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG