Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň BMG-däki täze wekili nikaragualy diplomat


Liwiýa özüniň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili hökmünde Nikaraguanyň ozalky daşary işler ministri Migel De Eskotony belledi.

Prezident Daniel Orteganyň hökümetiniň aýtmagyna görä, Liwiýa hökümetiniň resmileri BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasyna barmak üçin, Birleşen Ştatara giriş wizasyny alyp bilmejeklerinden howatyrlanyp, bu netijä gelipdirler.

Orteganyň metbugat wekili Rosario Murillonyň bellemegine görä, Migel De Eskota BMG-de Liwiýanyň adyndan çykyş etmäge “doly ygtyýar” berlipdir.

Liwiýanyň BMG-däkiy öňki wekili Mohammed Şalgham Muammar Kaddafini tankytlap, wezipesinden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG