Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: deňiz suwundaky radioaktiw ýoduň derejesi ýokarlanýar


Ýaponiýanyň Ýadro we senagat howpsuzlygy agentliginiň berýän maglumatyna görä, zyýan ýeten “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň 1-nji reaktorynyň töwereginde deňiz suwundaky radioaktiw ýoduň derejesi kabul ederlikli normadan 3,355 esse köp bolupdyr.

Emma agentlik töwerekdäki ýaşaýjylara ýetip biljek zyýanyň howpunyň azdygyny aýtdy. Agentligiň bellemegine görä, töwerekdäki ýaşaýjylar göçürilipdir.

Hökümet wekilleri ýer yranma we sunami sebäpli zeper ýeten atom stansiýasy boýunça hüşgärlik işleri ýokary derejede dowam etdirilýär diýýär. Olaryň nygtamagyna görä, stansiýadaky ýagdaý “aýdyp bolmajak” derejede agyr bolmagynda galýar.

Tokio elektrik energiýasy kärhanasynyň başlygy Tsunehisa Katsumata bu heläkçilik barada şeýle diýdi: "Biz köp adam üçin, jemgyýet üçin betbagtçylyk we agry ýitgi getirendigimize çyn ýürekden ötünç soraýarys”.
XS
SM
MD
LG