Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur artist Lýudmila Gurçenko aradan çykdy


SSSR-iň halk artisti Lýudmila Gurçenko düýn 76 ýaşynyň içinde Moskwada aradan çykdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew, beýleki döwlet işgärleri, medeniýet işgärleri, Gurçenko bilen işleşen artistler, režisserlar gynanç bildirdiler.

“Karnawal gijesi”, “Uruşsyz 20 gün”, “Iki adam üçin wokzal”, “Mehanik Gawrilowyň söýgüli aýaly” ýaly filmlerde oýnan rollary oňa meşhurlyk getiripdi.

Lýudmila Gurçenko hepdänin duşenbe güni Moskwada Nowodewiçe gonamçylygynda jaýlanar.
XS
SM
MD
LG