Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hillary Klintona täze birinji orunbasar bellener


2005-2008-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi bolup işlän diplomat Uilýam Börns ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň birinji orunbasary bolar.

Onuň bu wezipä bellenmegini Senat makullamaly.

Ýakyn wagta çenli Döwlet departamentiniň syýasy direktory wezipesini eýelän Börns Barak Obamanyň administrasiýasyny terk edip, ylmy işe dolanýan Jim Steýnbergiň wezipesini eýelär.
XS
SM
MD
LG