Sepleriň elýeterliligi

Londonda Gorbaçýowyň 80 ýaşy dabaraly bellendi


Londonyň Albert Hall konsert zalynda SSSR-iň öňki prezidenti Mihail Gorbaçýowyň 80 ýyllyk ýubileý dabarasy boldy.

Konserte Londonyň simfonik orkestri, Uly teatryň artistleri, meşhur Skorpion rok-topary gatnaşdy.

Gorbaçýowy gutlamak üçin bu ýere köp sanly döwlet işgärleri, meşhur artistler, aýdymçylar, şol sanda Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres, aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory Arnold Şwarsennegger, futbolçy Andreý Arşawin, başga-da köp tanylmal adamlar geldi.

Konsert başlanmazdan öň Londonda ýerleşýän “Batlyrak gürle” atly jemgyýetçilik guramasy aksiýa geçirdi, onuň maksady Gorbaçýowy adam hukuklaryny goramak işine çekmekdi.

Gorbaçýowyň 80 ýaşy 2-nji martda dolupdy.
XS
SM
MD
LG