Sepleriň elýeterliligi

Kot d’Iwuarda häkimiýet dawasy dowam edýär


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Kot d’Iwuaryň öňki prezidenti Loran Gbagbo garşy sanksiýany makullady hem ony we ýakyn töweregini häkimiýetden çekilmäge, geçen ýylyň dekabrynda geçirilen saýlawlarda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edilen Alassan Uattara prezidentligi tabşyrmaga çagyrdy.

Sanksiýa Gbagbo, onuň aýalyna we ýakynlaryna wiza gadaganlygyny hem bank hasaplaryny doňdurmagy göz öňünde tutýar.

Loran Gbagbo saýlawlarda özüniň ýeňendigini aýdyp, prezidentiň kürsüsini terk etmekden ýüz öwürýär.

Düýn Uttaranyň tarapdarlaryndan düzülen ýaragly otrýadlar ýurduň paýtagty Ýamusukro girdi, olar häzirlikçe Gbagbonyň kontrollygyndaky günorta territoriýalara tarap süýşýärler.
XS
SM
MD
LG