Sepleriň elýeterliligi

Kongresmenler Obama Siriýanyň oppozisiýasyny goldamaly diýýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Siriýanyň oppozisiýasyny goldamaly diýip, düýn amerikan kongresmenleri aýtdy.

Respublikan Jon MakKeýn hem garaşsyz senator Jo Liberman birnäçe hepde bäri köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň dowam edýän ýurdy Siriýada dolandyryjy režimiň garşysyna Waşingtonyň açyk hem batly çykyş etmelidigini belledi.

Düýn Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ösüşiň durnuklylygyny puja çykarmak maksady bilen ýurdunyň giň möçberli “dildüwşük” bilen çaknyşandygyny aýtdy.

Ol şeýle-de protest aksiýalary wagty demonstrasiýaçylara zyýan ýetirmezlik barada howpsuzlyk güýçlerine görkezme berlendigini habar berdi.

Bu çykyş köpçülikleýin tolgunyşyklar başlanaly bäri döwlet baştutanynyň halka ilkinji ýüzlenmesidir. Şol protest aksiýalarynda bärsinden 60 adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG