Sepleriň elýeterliligi

Wikingler


Garakçylyk hem talaňçylyk bilen ýakasyny tanadan wikingleriň hüjümi sahnalaşdyrylýar, Ispaniýa, 2007-nji ýyl.

Garakçylyk hem talaňçylyk bilen ýakasyny tanadan wikingleriň hüjümi sahnalaşdyrylýar, Ispaniýa, 2007-nji ýyl.

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdan 70 kilometr uzaklykda Upsala şäheri ýerleşýär. 1477-nji ýylda bu şäherde Şwesiýada ilkinji uniwersitet açylypdy. Onuň golaýynda köne Upsala ady bilen meşhur, kiçiräk baýyrlary ýadyňa salýan wikingleriň doganlyk mazarynyň ençemesi güberilip ýatyr.

Gadymy Şwesiýanyň dini hem syýasy merkezi hökmünde baryp-ha 9-njy asyryň taryhy sahypasynda agzalýan bu merkezi 1245-nji ýylyň aýylganç ýangyny demine dartýar.

Garakçylyk hem talaňçylyk bilen ýakasyny tanadan wikingleriň uly topary orta asyrlarda Ýewropanyň in uzyn derýasy bolan Itil, soňraky Wolga bilen ýüzüp, Hazar deňzine çenli ýetipdir.

Indi-indi seredip otursak, meni çölüň jümmüşinden sazak deýin sogrup alyp, getirip gara daşly gaýada oturdan ykbal şwed bilen türkmeni göze ilmeýän kökene baglaýypdyr. Wikingleriň Skandinawiýa ýurtlaryna ýaýradan «snýus» “snus” sözi türkmeniň nas sözüni ýatlatjakmy? Bizdäki ulanylýan nasy Skandinawiýa getiren wikingler diýilýär. Olaryň ol topraga elten ýa-da goýup gaýdan zatlaram az bolmaly däl.

Taryhçylardan we etnograf alymlardan türkmeniň «gökgözler» taýpasynyň nireden gelip çykandygyny sorasak, nähili jogap eşiderkäk?

Bir baglanyşyk bolmasa, Şwesiýanyň demirgazygynda ýaşaýan samerleriň sugun etinden doýup, gopuz çalşyny eşiden türkmen bosguny ogrynlyk bilen gözýaşyny sylarmy?

Baryp, 9-11-nji asyrlardan öň Merkezi hem Demirgazyk Ýewropada görlüp-eşidilmedik birnäçe harpy, has takygy sesi wikingleriň türkmen elipbiýinden alyp gaýtmagy hem ol harplaryň şwed elipbiýinde orun tapmagy tötändenmikä?

Bar, aýdaly, şwedler «j» harpyna öz elipbiýinden ýer tapmandyr. Ýöne «o» harpynyň üstüne iki sany nokat goýup, «ö» harpyny ýasamagyna, «a» harpynyň depesine kiçijek bir tegelek belgi goýup, «å» harpyny ýasamagyna, ýene-de şol «a»-nyň ýokarsyna iki tegelejik goýagada, «ä» diýip yglan etmegine näme diýjek!

Arman, Şwesiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakynlygyň lapyňy keç edýän tarapynyň bardygyny-da unudyp bolmaz. Biz bu gatnaşyklary öwrenmedik, ony öwrenmek barada pikirem etmedik. Belki, indi wagt ýetendir?

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG