Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwisti protestden öň tussag edildi


Azerbaýjanyň tanymal aktiwisti şu hepdäniň ahyrynda hökümete garşy geçirilmekçi protestden öň tussag edildi.

Oppozisiýadaky Halk frontunyň lideri Ali Kerimli AFP habar gullugyna partiýanyň ýaşlar ganatynyň başlygynyň orunbasary Daýanat Babaýewiň üç gün ozal tussag edilendigini aýtdy.

Ol munuň demonstrasiýanyň öňüni bökdemek üçin edilýändigini, polisiýanyň hepde ahyrynda geçjek bikanun ýygnanyşyklaryň togtadyljagyny duýdurandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG