Sepleriň elýeterliligi

Küweýt eýranly diplomatlary içalyçylyk üçin ýurtdan çykarýar


Küweýt Tähran üçin işleýän içalyçylyk topary bilen ilteşikli hasaplanýan Eýranyň diplomatlarynyň bir toparyny ýurtdan çykarjagyny aýdýar.

Daşary işler ministri Mohammad Al-Sabah bu barada içalyçylyk toparynyň üç agzasy sudda ölüme höküm edilenden iki gün soň aýtdy. Ol üç adam, iki eýranly we bir küweýtli, 20-nji maýda tussag edildi.

Metbugat habarlarynda bu adamlaryň küweýt hem amerikan harby nokatlarynyň töwreginde Eýranyň rewolýusiýa goragçylary üçin maglumat toplandygy aýdylýar.

Eýran bu aýdylýanlary ret edýär.
XS
SM
MD
LG