Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Minskidäki edaralarynyň ýapylmagyna gynanç bildirýär


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gezekli başlygy, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis şu gün belarus häkimiýetleriniň ÝHHG-niň Minskidäki wekilhanasynyň ygtyýarlygyny uzaltmazlyk baradaky kararyna gaýtadan seretmezligine gynanç bildirdi.

Bu wekilhananyň mandaty geçen ýylyň ahyrynda tamam boldy we üç aý ýapylyş prosesi esasynda şu gün işini tamamlady.

Azubalis belarus häkimiýetleriniň bu kararynyň ýurduň graždan jemgyýetini gymmatly araçydan mahrum edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG