Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň baş diplomaty Liwiýa içinden dargaýar diýýär


Britaniýanyň daşary işler ministri Liwiýanyň daşary işler ministriniň Britaniýa gaçmagy Kaddafi režiminiň içinden dargaýandygyny görkezýär diýdi.

Williýam Haag çarşenbe güni gaçyp gelen Musa Kussa Britaniýanyň ýa halkara guramalarynyň jogapkärçilige çekilmezlik kepilligini teklip etmändigini aýtdy.

Kussanyň görnetin gaçgaklygy Kaddafiniň güýçleriniň pitneçileri gündogar kenarda eýelän ýerlerinden yzyna kowýan wagtyna gabat geldi.

Kaddafi güýçleri tank hem top oklaranyň goldawynda Ajdabiýanyň eteklerine golaýladylar. Bu şäher pitneçileriň merkezi bolan Bengaziden 160 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG