Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň prezidenti iş başyndan çekilýär


Kosowanyň prezidenti Begjet Pakolli Konstitusiýa sudunyň saýlawyň bikanun bolandygy baradaky kararyndan soň iş başyndan çekildi.

Sud täze saýlanan prezidentiň iş başyndan gitmelidigini, sebäbi onuň saýlawynyň ýurduň Konstitutisiýasyny bozandygyny aýtdy.

Dokuz agzaly sud parlamentdäki saýlawyň «Konstitusiýa gabat gelmeýändigini we indiden eýläk güýçsüz hasaplanmalydygyny» aýtdy.

Suduň Web saýtynda ýerleşdirilen kararda saýlawyň kanuny bolmagy üçin prezidentlige birden artyk kandidatyň gatnaşmalydygy hem 120 agzaly parlamentiň üçden ikisiniň ses bermelidigi aýdylýar.

Emma ol ses berişlige diňe 67 deputat gatnaşypdyr. Sebäbi milliarder telekeçi Pakolliniň prezidentlige hödürlenmegine protest bildirip, oppozision deputatlaryň köpüsi mejlis zalyny terk edipdir.
XS
SM
MD
LG