Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa ewakuasiýa zonasyny giňeltmek babatda basyş köpelýär


Ýapon hökümeti şu gün zyýan ýeten we radiasiýa syzýan AES-iň töweregindäki ewakuasiýa zonasyny giňeltmek boýunça taýýar planynyň ýokdugyny aýtdy.

BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy Ýaponiýa AES-iň töweregindäki ewakuasiýa zonasynyň giňeldilmegini maslahat berýär.

Ýaponiýa “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň 20 kilometr töweregini ewakuasiýa zonasy diýip yglan etdi.

Halkara atom energiýasy guramasy AES-den 40 km uzaklykdaky obalarda hem radiasiýanyň howpsuzlyk derejesinden ýokaryk aşandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG