Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk-Garabag Waşingtonda görünmäge synanýar


De facto derejesi boýunça “Daglyk-Garabag Respublikasynyň Birleşen Ştatlardaky hemişelik wekili” Robert Awetisýan
De facto derejesi boýunça “Daglyk-Garabag Respublikasynyň Birleşen Ştatlardaky hemişelik wekili” Robert Awetisýan
Daşyndan ilçihana däl-de, diş lukmanynyň iş otagyna meňzeýär. Aslynda bolsa ol bularyň hiç birem däl. Ýöne Daglyk-Garabagyň Waşingtondaky edarasynyň Internet sahypasyna seredeniňde, Ak Tamyň golaýynda, göze ilip durmaýan bu baýdaksyz jaýyň içinde ilçihana çalymdaş häsiýetleriň bardygyny çaklamak kyn däl.

Saýtda ýurt barada gysgaça maglumat, milli baýramçylyk günleriniň sanawy berilýär. Onda regionyň hökümeti, ykdysadyýeti, şeýle hem wiza almak üçin gerekli maglumatlar bar. De facto derejesi boýunça “Daglyk-Garabag Respublikasynyň Birleşen Ştatlardaky hemişelik wekili” Robert Awetisýan şeýle düşündiriş berýär: “Biz ähli proseduralary ýerine ýetirýäris. Bir ilçihananyňky ýaly kömek we hyzmatlary edýäris”.

Ýöne Awetisiýanyň diplomatik pasporty ýok. Daglyk-Garabag hem döwlet däl. Ilatynyň aglaba köplügi ermenilerden durýan, hukuk taýdan bolsa Azerbaýjana bagly bu regionyň statusy çözülerden entek uzak.

Daglyk-Garabag - Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 1988-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli dowam eden 6 ýyllyk agyr urşuň geçen ýeri. 10 müňlerçe adam ölüp 100 müňlerçe adamyň öý-owzaryndan jyda düşen ýeri. Bu daglyk region 1991-nji ýylda birtaraplaýyn garaşsyzlygyny yglan etdi. 1994-nji ýylda atyşyklar bes edileli bäri ol iş ýüzünde özygtyýarly.

“Esasy aktýorlaryň garaýşyça we halkara jemgyýetçiliginiň gözi bilen garanyňda, ýer dawasy gowy zat däl. Bu mesele barada azda-kända oňaýsyz tutumlaryň bar bolmagy mümkin. Ýöne onuň halky öz erkinligi ugrunda göreşip, Sowet Soýuzynyň kolonizatorlyk prosesiniň soňuna çykmaga synanyşýan bolsa, onda bu bir bütinleý başga ýagdaý” diýip, Awetisýan aýdýar.

Ýerewan Daglyk-Garabagyň taryhy taýdan ermeni territoriýasydygyny, oňa “Arzah” diýilýändigini öňe sürýär. Baku hem regionyň taryhy taýdan Azerbaýjana degişlidigine ynanýar.

“Jemgyýetçiligi aldawa salýar”

Azerbaýjan Daglyk-Garabagy bölüp aýyrmaga bolan synanyşyga öz topragynyň bütewiliginiň bozulmagy diýip garaýar. Azerbaýjanyň Waşingtondaky ilçihanasy: “Bu edara ermeni propagandasyny ýaýratmak we özygtyýarlygy ýok bir territoriýanyň resmi wekili diýip hödürlemek bilen Amerikan jemgyýetçiligini aldawa salýar” diýýär.

Edaranyň Web saýtynda region üçin wizanyň Daglyk-Garabagyň Ermenistandaky wekilhanasyndan alynmalydygy aýdylýar.

Azerbaýjanyň ilçihanasynyň sözçüsi Nasimi Agaýew, Bakuwyň garaýşyça, munuň bir bikanun işdigini nygtaýar: “Daglyk-Garabag regiony Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen bölegi. Şol sebäpden ol ýere gitjek adamlar Azerbaýjanyň kanunlaryna hormat goýmaly. Azerbaýjan Daglyk-Garabaga Azerbaýjan respublikasynyň häkimiýetlerinden rugsatsyz gitmekligiň bikanun we ýol berilmesizdigini açyk aýan etdi”.

“Ena we ata” diýlip atlandyrylýan Stepanakert heýkeli Daglyk-Garabagyň belki-de iň köp bilinýän taryhy gymmatlygy.
Analitikler ermeni lobbisiniň Waşingtondaky täsiriniň Daglyk-Garabagyň wekilhanasy üçin aşa zerurdygyny aýdýarlar. Waşingtonda ýerleşýän Halkara parahatçylygy baradaky Karnegi merkeziniň Kawkaz boýunça eksperti Tomas de Waalyň hem bu barada Gürjüstandan bir taraplaýyn bölünip aýrylan Abhazystany mysal edinmeginiň sebäbi şol.

“Siz Daglyk-Garabagy, mysal üçin, Abhazystan bilen deňeseňiz, Abhazystan ondan uly, onuň güýçli guramalary, oppozisiýasy we mediasy bar. Onuň graždan jemgyýeti Daglyk-Garabagyňkydan güýçli. Abhazystan regionda Daglyk-Garabagdan uly rol oýnaýar. Garabag indi azda-kända Ermenistanyň bir welaýaty hasaplanýar. Şeýlelikde onuň ikisini bolşy ýaly deňäniňde, olaryň deň däldigi görünýär. Ýöne bu ýerli reallyklara däl-de, Waşingtonyň syýasatyna bagly” diýip, de Waal aýdýar.

Gürjüstan, elbetde, Birleşen Ştatlaryň tutanýerli ýaranlarynyň biri. De Waal Daglyk-Garabagyň, muňa garamazdan, daşky dünýäden esasan üzňelikde galýandygyny, sesiniň eşidilýäni üçin hem, dogrusy, “Azerbaýjanyň tagallalaryna” sagbolsun aýtmalydygyny ýaňzydýar.
XS
SM
MD
LG