Sepleriň elýeterliligi

Moskwada syýasy çykyşlar geçirilýär


31-nji maddasynyň berjaý edilemegini talap edýän 31-nji günüň protest aksiýasy Moskwada iki ýyl bäri geçirilýär.

31-nji maddasynyň berjaý edilemegini talap edýän 31-nji günüň protest aksiýasy Moskwada iki ýyl bäri geçirilýär.

31-nji martda Moskwada Orsýetiň oppozision hereketleriniň protest aksiýalary geçirilýär.

Ýurduň Konstitusiýasynyň 31-nji maddasynyň berjaý edilmegini talap edip, her aýyň 31-ine Moskwanyň merkezindäki Triumfal meýdançasynda geçirilýän bu çärä oppozisiýanyň liderleri, syýasy toparlar, adam hukuklaryny goraýjylar we adaty raýatlar gatnaşýarlar.

Orsýetiň Konstitusiýasynyň ýygnanyşyklar azatlygynyň kepilinamasy bolan 31-nji maddasynyň berjaý edilemegini talap edýän 31-nji günüň protest aksiýasy Moskwada iki ýyl bäri geçirilýär.

Ikä bölündi


Bu gezekki 31-nji martdaky aksiýa ikä bölündi: “Strategiýa-31” graždan hereketiniň awtorlaryndan “Drugaýa Rossiýa” partiýasynyň başlygy Eduard Limonow, adatdakysy ýaly, Triumfal meýdançasynda protest aksiýasyny geçirýär. “Strategiýa-31” hereketiniň ýene bir awtory Moskwanyň Helsinki toparynyň başlygy Lýudmila Alekseýewa bolsa öz aksiýasyny Puşkin meýdançasynda geçirýär.

Aksiýanyň ikä bölünmegi barada Alekseýewa şeýle diýdi: “Moskwanyň ýaşaýjylary diňe bir 31-nji maddanyň ýerine ýetirilmegini talap etmek bilen çäklenmeli däl. Biz, elbetde, dürli aksiýalar arkaly bu ugurdaky işlerimizi dowam etdireris. Emma bizde 31-nji maddadan başga-da köp maddalar ýerine ýetirilmeýär”.

“Drugaýa Rossiýa” partiýasynyň başlygy Limonow bolsa aksiýanyň Triumfal meýdançasynda geçirilmeginiň ähmiýetini nygtap, Konstitusiýanyň 31-nji maddasynyň hakimiýetler tarapyndan entek berjaý edilmeýänligi tekrarlady.

Polisiýanyň ygtyýary

Triumfal meýdançasynda oppozision güýçleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we raýatlaryň gatnaşmagynda ýylyň dowamyndaky aýlaryň her 31-nji senesinde geçirilýän çärelere şäher häkimiýetleri bir ýarym ýyl bäri resmi taýdan rugsat bermän gelýärler. Aksiýalaryň näresmi statusy oňa gatnaşýanlaryň polisiýa tarapyndan saklanmagyna esas bolup gelýär.

Soňky dört aksiýa Moskwanyň häkimiýetleriniň resmi rugsady bilen geçirildi. Muňa garamazdan, iň iri aksiýalaryň biri bolan we Orsýetiň ady belli oppozision wekillerinden Boris Nemtsow, Wladimir Ryžkow we Ilýa Ýaşin ýaly tanymal şahslaryň gatnaşmagynda geçirilen 31-nji dekabr aksiýasy tutha-tutluklar bilen tamamlanypdy.

Moskwanyň häkimiýetleri 31-nji martda Moskwanyň Triumfal meýdançasynda geçirilýän aksiýa rugsat bermedi, emma Puşkin meýdançasyndaky aksiýa welin, hakimiýetleriň resmi rugsady bilen geçirilýär.

“Gapma-garşylyk bar”

Kollektiwleýin hereket atly institutdan syýasaty öwreniji Andreý Demidow “Strategiýa-31” hereketindäki bölünişigiň sebäbini şeýle düşündirýär: “Lýudmila Alekseýewa hem-de Lew Ponomarýow ýaly öz protest garaýyşlaryny kanuny çäreler arkaly beýan etmegiň tarapdarlary bilen Eduard Limonowyň baştutanlygyndaky radikal güýçleriň arasynda gapma-garşylyk bar”.

Demidowyň pikirine görä, guramaçylar raýatlara öz nägileligini kanunyň çäginde beýan etmek üçin ýol görkezip, aksiýalara ýurduň köp sanly sosial inisiatiwaly hereketleriniň hem goşulmagyny gazansa, olar köçülikleýin çykyşlary arkaly hakimiýetler bilen dialogda üstünlik gazanyp bilerler.

Moskwanyň polisiýasy oppozisiýanyň agşamky çykyşlaryna irden taýýarlyk görüp başlaýar. Hususan-da, Triumfal meýdançasynyň golaýyndaky köçelerde awtoulaglaryň durmagyna gadagançylyk girizildi. Ýol gözegçilik polisiýasy we ýöriteleşdirilen OMON güýçleri protestiň geçirilýän ýerinde we oňa golaý ýerlerde gözegçilik alyp barýar.
XS
SM
MD
LG