Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Assad protestlere “dildüwşük” diýýär


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň tarapdarlary Damaskdaky ýöriş mahalynda V-nyşanyny görkezýärler, 29-njy mart.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň tarapdarlary Damaskdaky ýöriş mahalynda V-nyşanyny görkezýärler, 29-njy mart.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad öz hökümdarlygyna garşy protestlere boýun egerli däl. Ol çarşenbe güni Damaskda parlamentde eden çykyşynda eglişik etmegiň deregine öz ýurdunyň garşysyna “dildüwşük” gurnanlary ýeňmegi wada etdi.

Başar al-Assad bu meselede öz pikirini şeýle beýan etdi: “Siriýanyň regionda oýnaýan esasy roluny dowam etdirmek biziň duşmanlarymyzy ony ýykmaga höweslendirýär. Men hemişe üstünlik barada duýduryş berip geldim. Sebäbi üstünlik howpsuzdyryn diýen ýalňyş duýgy döredýär. Söweşde sen öz duşmanyňy, onuň planyny bilýärsiň. Ýöne söweşden soň onuň näme zatlara taýýarlyk görýänini bileňok”.

Soňra ol şeýle diýdi: “Şol sebäpden her bir üstünlikden soň biz bu üstünligi saklap, özümizi daşardan gelmegi mümkin pitneden goramaly. Siriýanyň häzir bir uly dildüwşük bilen ýüzbe-ýüz durandygy belli zat. Bu dildüwşük ýakyn we uzak ýurtlar bilen ilteşikli. Onuň içerde hem käbir ilteşikleri bar”.

Ýurduň günorta etraplarynda öz hökümdarlygyna garşy turan protestleden bäri bu çykyş – prezidenti Başar al-Assadyň ilkinji beýanaty. Bu ýerlerde howpsuzlyk güýçleri ot açdy, ençeme protestçi öldi.

Ýüzlerçe protestçiler ýöriş geçirip, “azatlyk” diýip gygyryşýarlar, Damask, 25-nji mart.
Prezident: “Gazaply hereketlere jogapkär demonstrantlaryň özi” diýdi. Ol: “Siriýanyň hiç bir raýatyna zyýan ýetmeli däl diýen görkezme bardy. Ýöne bolýan wakalar köçelerde bolup, dialog kanuny guramalarda däl-de, eýse köçelerde geçse, bulam-bujarlyga getirer, protestçileriň reaksiýasy üstün çykar. Onsoň nädogry garaýyş agdyklyk edip, gandöküşiklik bolar. Ine, bolan zat şu. Muny hemmäňiz bilýärsiňiz” diýdi.

Assad eden bu çykyşyndan bir gün öň Kabinetiniň wezipeden çekilmegini kabul edipdi. Bu hem täze reformalara ýol açylar, 50 ýyla golaý bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaý hem ýatyrylar diýen umydy oýarypdy.

Ol öz çykyşynda reformalaryň gürrüňini kän etmedi. Assad özüniň reformalara ynanýandygyny, ýöne režiminiň gysyş astynda özgerişe ýol bemejekdigini belledi.

Assad: “Siriýa daşardan gelýän bir uly pitnäniň nyşanasy bolup dur, onuň wagty we formasy çaltlandyryldy” diýdi. Ol arap ýurtlarynda barýan protestlere salgylanyp: “Bu dildüwşügiň şekili we wagty arap dünýäsinde barýan wakalardan tapawutly. Siriýa regionda üzňelikde däl. Biz beýleki ýurtlaryň nusgasy däl” diýdi.

Parlamentçiler Assadyň çykyşyny şatlyk bilen el çarpyşyp alkyşladylar. Soň hem bir hatara düzülip, onuň bilen elleşdirler.

Nähili many çykýar?

Joşua Landis Birleşen Ştatlaryň Oklahoma uniwersitetinde Siriýa boýunça ekspert. Ol Assadyň sözlän sözünden “protestçileriň üstün çykmagyna ýol berilse, bu elhenç netijelere getirer” diýen manyny çykarýar.

“Başar al-Assad dünýäniň bir ýakymsyz suratyny çekýär. Bu ‘biz olaryň garşysyna’ diýen surat. Munda Siriýa üçin saýlap tutara diňe bir ýol bar. Ol ýa durnuklylygy we howpsuzlygy saýlamaly ýa-da graždanlyk urşuny: Yrak ýaly bolup, ýurduň territorial bütewüliginiň dargamagyny, çet ýurtlaryň Siriýany manipulirläp, ony bölmegini saýlamaly” diýip, Landis aýdýar.

Prezidenti Başar al-Assadyň çykyşyndan soň Latakiýa şäherinde ýüzlerçe protestçi ýöriş geçirip, “azatlyk” diýip gygyryşdylar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toneriň garaýşyça, Assadyň sözlän sözi halkyň reforma barada eden çagyryşyna berlen manyly jogap däl.

“Bu gün eşiden zatlary barada, prezident Assadyň olaryň isleg-arzuwlaryny, olaryň syýasy, ykdysady we sosial reformalar baradaky çagyryşlaryny amala aşyrmaga tarap oňaýly hereketleri görkezip-görkezmändigi barada netijä gelmeli adamlar– Siriýanyň halkynyň özi. Ýöne biz olaryň eden tamasy çykmady diýip, pikir edýäris. Biziň pikirimizçe, bu çykyşda Siriýa halkynyň reforma baradaky talaplaryna berlen ýeterlik jogap ýok” diýip, Toner aýtdy.

Jemgyýetçilik saýtlarynda protestçiler tarapyndan ýaýradylan habarlara görä, anna güni ýurtda protest geçmeli. Olar muny “şehitler annasy” diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG