Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

15 ýaşly agzy ýaşmakly gelin


Ýazyjy Naryman Jumaýewiň "Ýuwaş gelin" powesti esasynda goýlan adybir çeper filmi onlarça gezek synlamadyk ildeşimiz az-azdyr.



Wideo: "Ýuwaş gelin" filminden bölek

"Ýuwaş gelin" sowet döwründe döredilen beýleki filmlerden tapawutlylykda garaşsyzlyk ýyllarynda-da gadaganlyga düşmedi. Men häzir bu ahwalatyň sebäplerini yzarlamakçy däl-de, eýsem filmiň baş gahrymany Selbiniň keşbini döreden "gelniň" gürrüňini etmekçi.

"Ýuwaş gelniň" kinosöýüjileriň göwünlerinden turmagynda, elbetde, bu keşbi döreden aktrisanyň hyzmaty juda uludyr. Ýöne onuň kimdiginden tomaşaçylaryň aglabasy habarsyz diýsem, hakykatdan daş düşmesem gerek. Çünki filmiň özi barada-da, ony döredenler hakynda-da, Selbiniň keşbini janlandyran aktrisa dogrusynda-da türkmen metbugatynda suwytly makalalara duş gelmek kyn.

Biz aktrisa diýen sözi birnäçe gezek ulansak-da, ol professional aktrisa däl, hatda entek zähmet ýoluna-da başlamandy. Hawa, Selbiniň rolunda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (Gurbansoltan eje) etrabynyň mekdepleriniň biriniň ýokary klas okuwçysy Tatýana Fedaruşenko oýnapdy. Şonda onuň bary-ýogy 15 ýaşy bardy. Režissýoryň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy filmde oýnatmaga haky ýokdy. Beýik Magtymgulynyň "Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr" diýşi ýaly, çeperçilik geňeşinde Tatýananyň ýaşyny 17 diýip görkezmeli bolupdy.

Tatýanany kinorežissýor Setdar Garajaýew tapypdy. Daşoguz welaýatynda doglan Tatýana Ýylanlynyň etrap klubunyň hor, tans, drama kružoklaryna yhlasly gatnaşýardy. Şol ýyllarda Aşgabadyň 1-nji seýil bagynda çeper höwesjeňleriň respublikan ýaryşy geçirilýärdi. Ine, şol ýaryşda rus gyzy hindi tansyny ýerine ýetirip, ýeňiji bolýar. Şonda hem Setdar Garajaýew Tatýanany we ýene-de birnäçe gyzy öz filminiň synaglaryna gatnaşmaga çagyrýar. Ýöne Tatýana ýetginjeňlik geleňsizligi bilen kinostudiýa barmagy unudýar. Özünden aktrisa çykjakdygyna onuň ynanmadyk bolmagy-da ähtimal.

Emma kinoçylar hem onuň ýakasyny goýbermeýärler. Filmiň operatory Osman Saparow Ýylanla ýörite baryp, Tatýanany kinosynaga düşürýär. Netijede ony Selbiniň roluna tassyklaýarlar.

Kyn düşmeýär


Selbiniň keşbini döretmek rus gyzyna onçakly kyn düşmeýär. Ol öz gahrymanyna meňzeş gelinleri durmuşda häli-şindi görüp-synlap ýör, olaryň arasynda ýaşaýar, türkmenleriň gylyk-häsiýetini, edep-ekramyny öwrenip ýör, dogrusy gözüni açyp göreni şolar.

Tatýana Fedaruşenko "Ýuwaş gelin" filminde, 1967-nji ýyl.
Tatýana çeper höwesjeňlikde türkmen tanslaryny oýnaýardy, türkmen dilinde goşgy okaýardy. Elbetde, Selbiniň rolunda kino düşmek kynçylyksyz bolmandy. Režissýoryň talaby güýçlüdi. Tatýananyň gözünden boýur-boýur gözýaş döken wagtlary-da bolupdy.

Selbiniň keşbiniň şowly çykandagy indi hemmä mälim. Şol obraz Tatýananyň oýnan ýeke-täk roly bolup galdy. Soňra ony "Çöl çagyrýar", "Meniň dostum — Meleguş" ýaly çeper filmlerde oýnamaga çagyrdylar. Tatýana ejesiniň näsaglygy zerarly, şol rollaryň ikisinden-de ýüz öwürmeli bolupdy. Şeýle hem şol wagtlar ol orta mekdebi tamamlap ýördi.

Şeýlelikde "Ýuwaş gelinde" agzy ýaşmakly gelniň mylaýym keşbini ussatlyk bilen döreden Tatýana professional aktrisa bolup gitmedi. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlap, göwün beren ýigidi bilen durmuş gurup, Hazaryň kenaryndaky Çeleken (häzirki Hazar) şäherine düşdi, bu ýerde komsomol-partiýa işlerinde işledi, partiýanyň şäherkomynyň ideologiýa sekretary boldy. Şol ýyllarda partiýanyň welaýat edarasynda işlänsoň, men onuň bilen telim sapar duşuşypdym. Häzir ol ýene-de mekdepde çagalara bilim we terbiýe berýär.

Tatýana Fedaruşenkonyň 15 ýaşynda janlandyran Selbisini tomaşaçylaryň halandygyna ýönekeý durmuş wakalary hem şaýatlyk edýär. "Ýuwaş gelin" ekrana çykandan soň ýaş türkmen gelinleri Tatýana hat ýazyp, ondan maslahat soraýardylar.

Hawa, bir keşp bilen Tatýana Fedaruşenko türkmen kinosyna öz goşandyny goşup bilipdi.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG