Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap ýurtlarynyň täsiri


Hökümete garşy proteste çykan zenanlar Bengazi şäherinde demonstrasiýa geçirýärler, Liwiýa, 23-nji fewral.
Hökümete garşy proteste çykan zenanlar Bengazi şäherinde demonstrasiýa geçirýärler, Liwiýa, 23-nji fewral.

Arap ýurtlaryndaky rewolýusiýany türkmen metbugaty dymmak bilen garşy aldy. Ýöne munuň özi döwlet ýolbaşçylarynyň ol wakalardan netije çykarmaýandygyny asla aňlatmaýar.

Türkmen propagandasynyň "Arkadagyň" halkynyň beýik "Galkynyş zamanasynda" abadan, agzybir ýaşaýandygy hakyndaky wagzyny has güýlendirendigini açyk duýsa bolýar. Çykyş edýänler sözleriniň ahyrynda prezidente baş saglyk, uzak ömür diläp, onuň saýasynda türkmeniň uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar ýaşamagyny arzuwlaýarlar.

Prezident Nyýazowyň döwründe ýaňlanan: «Halk, Watan, Türkmenbaşy» diýen şygaryň Adolf Gitleriň alnynda gygyrylan «Halk, Watan, Fýurer!» diýlen şygara öýkünilip ýasalandygyny şol wagtlar hem hemmeler bilýärdi. «Halk, Watan, Türkmenbaşy» diýlen şygar häzirki döwürde hem sähel üýtgedilip, «Halk, Watan, prezident bir jan, bir tendir» diýen jümlä öwrüldi we ol köşk aýdymçylarynyň dilinde ýaňlanyp başlady. Mahlasy, arap ýurtlarynda demokratiýa ugrundaky göreşleriň başlanmagy bilen, türkmen propagandasy prezident bilen halkyň bütewidigini subut etmäge çalyşýan syýasy gepleşikleri has köpeltdi.

"Gowulyklary köp ýazalyň"

Bir metbugat işgäriniň aýtmagyna görä, türkmen metbugatynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary geçirýän iş ýygnaklarynda: «Hudaý saklasyn, arap ýurtlaryndaky wakalary görýänsiňiz, syýasy dawalar sebäpli halkyň gany dökülýär. Agzybir halkymyz, «Halkym» diýip, gije-gündiz ylgap ýören prezidentimiz bar. Şu durmuşyň gadyryny bileliň, gowulyklary köp ýazalyň. Siz bolgusyz gep-gybatlara goşulmaň. Arap ýurtlaryndaky wakalary işdekäňizem, asla hiç ýerde hem dile getirip, gybat etmäň» diýip tabşyrypdyrlar.

Meniň bilen gürrüňdeş bolan, döwlet gullugynda işleýän žurnalistleriň birnäçesi öz ýolbaşçylarynyň şeýle terzde tabşyryk berendiklerini tassyklap, şol tabşyrygyň ýokardan berlendigine şübhelenmeýändiklerini aýtdylar.

Okar ýaly bolmady

Döwlet ýolbaşçylarynyň pikiriçe, arap ýurtlaryndaky rewolýusiýadan, diktatoryň režimine urulýan zarbadan halkyň ünsüni sowmak üçin halkyň, Watanyň, prezidentiň bütewidigini subut edýän syýasy gepleşikleri has köp gurnamaly hem adamlara şol wakalar hakynda pikir etmäge maý bermeli däl.

Ýöne türkmen propagandasynyň has syýasatlaşmagy bilen, öňem diňlenmeýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gepleşiklerini diňlär ýaly bolmady, öňem okalmaýan metbugaty bolsa okar ýaly bolmady.

Adamlar arap ýurtlaryndaky wakalar barada sputnik antennalary arkaly habar alýarlar. Döwlet mediasyndaky propagandalary güýçlendirmek çözgütmikä? Hökümet ýurtdaky syýasy we ykdysady reformalary güýçlendirse has ýerlikli bolmazmy?

Arap wakalarynyň her bir raýatyň küýüne gelmezligi üçin, her bir adama gözegçiligi nähili gurnamaly?! Ynha, bu soňy görünmeýän sowalyň çözgüdi welin açyklygyna dur.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG