Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň goşunlary ýeňlişden daşda diýilýär


Liwiýada halkara güýçleriň howadan urýan zarbalaryna garamazdan, Kaddafiniň goşunlary ýeňlişden daşda diýip, düýn ABŞ-nyň Kongresinde bolan dinlenişikde amerikan admiraly Maýk Mallen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirem Kaddafiniň goşunlarynyň söweş kuwwaty gozgalaňçylaryňkydan on esse ýokary.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Muammar Kaddafiniň režimine garşy göreş alyp barýan liwiýaly gozgalaňçylara ýarag bermek baradaky ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň teklibini goldamaýandygyny aýtdy.

Rasmussen Stokgolmda çykyş edip: “Liwiýadaky halkara operasiýanyň maksady - liwiýa halkyny goramak, ony ýaraglandyrmak däl” diýdi.

NATO koalision güýçleriň howadan uran zarbalary netijesinde Tripolide bärsinden 40 sany parahat ýaşaýjynyň heläk bolandygy baradaky habary hem derňejekdigini aýdýar. Bu maglumaty düýn Watikanyň liwiýa paýtagtyndaky wekili ýaýratdy.

Kaddafiniň goşunlary gozgalaňçylara garşy hüjümlerini dowam etdirip, ýurduň gündogaryndaky Brega şäherini gaýdyp aldy, Ajdabiýa, günbataryndaky Misurata şäherlerinde söweşler gidýär.

Liwiýa hökümeti daşary işler ministri Musa Kussanyň çarşenbe güni Beýik Britaniýa gaçyp barandygyny, wezipesinden çekilendigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG