Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa oppozisiýasy protest aksiýalaryny geçirmäge çagyrýar


Siriýa oppozisiýasy şu gün syýasy reformalary talap edip, tutuş ýurt boýunça protest aksiýalaryny geçirmäge çagyrýar.

Mundan öň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Deraa hem Latakiýa şäherlerinde demonstrasiýaçylaryň ölümini derňemäge görkezme berdi.

Tas ýarym asyr bäri ýurtda dowam edýän adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrmak meselesi bilen meşgullanjak ýörite komissiýa döretmek baradaky permana gol çekildi.

SANA döwlet agentliginiň maglumatyna görä, komissiýa bu işi 25-nji aprele çenli tamamlamaly.

Iki hepde bäri Siriýada dowam edýän hökümete garşy aksiýalarda tertip-düzgüne seredýän güýçler bilen bolan çaknyşyklarda onlarça adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG