Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Portugaliýada parlament saýlawlary 5-nji iýunda geçiriler


Portugaliýada parlament saýlawlary 5-nji iýunda geçiriler diýip, syýasy partiýalaryň wekilleri bilen konsultasiýalardan soň ýurduň prezidenti Anibal Kawaku Silwa aýtdy.

Portugaliýa häzir ýiti maliýe krizisini başdan geçirýär. Bu ýagdaý ony maliýe kömegini sorap, Ýewropa Bileleşigine ýüz tutmaga mejbur etmegi mümkin.

Öňki premýer-ministr Žoze Sokrateş krizisden çykmagyň planyny hödürledi, ol oppozision partiýalar tarapyndan ret edilensoň geçen hepde hökümet iş başyndan çekildi.
XS
SM
MD
LG