Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Penşenbe güni Kuweýtiň hökümeti iş başyndan çekildi


Kuweýtiň emiri Sabah al-Ahmed as-Sabah düýn hökümetiň iş başyndan çekilýändigi baradaky arzasyny kabul etdi.

Parlamentde deputatlaryň ministrleri sorag etmeginden gaçyp, hökümet şeýle karara geldi.

Mundan öň deputatlar ençeme syýasy problemalar boýunça daşary işler, ykdysadyet we informasiýa ministrleriniň parlamentde çykyş etmegini talap edip, premýer-ministre hat ýollapdy.

Kuweýtde şeýle talap hökümete bolan ynamsyzlygy aňladýar. Ministrleriň üçüsi-de as-Sabahyň dolandyryjy dinastiýasynyň agzalarydyr.
XS
SM
MD
LG