Sepleriň elýeterliligi

Kosowa: aragatnaşyk kompaniýalary hususylaşdyrylar


Kosowanyň parlamenti 2011-nji ýylyň býujetini kabul etdi.

Premýer-ministr Haşym Täjiniň sözlerine görä, býujet bäş prosent gowrak ykdysady ösüşi göz öňünde tutýar.

Poçta we telekommunikasiýa kompaniýalaryny hususylaşdyrmagy göz öňünde tutýandygy üçin oppozisiýa býujetiň proýektini tankytlady.

Býujete 300 million gowrak ýewro girdeji getirmeli bu söwda, oppozisiýanyň pikiriçe, Konstitusiýa garşy gelýär.

Söwdanyň açyk boljakdygyna salgylanyp, ykdysadyýet ministri bu aýyplamany inkär etdi.
XS
SM
MD
LG