Sepleriň elýeterliligi

Öňki dissident Gorbaçýowyň tussag edilmegini isleýär


Öňki sowet dissidenti Wladimir Bukowskiý britan sudunyň kararyna şikaýat etdi. Sud onuň SSSR-iň birinji we soňky prezidenti Mihail Gorbaçýowy tussag etmek baradaky teklibini kabul etmedi.

Gorbaçýow ýurdy dolandyran ýyllary eden jenaýatlary üçin jogapkärçilige çekmeli diýip, Bukowskiý hasap edýär.

Wladimir Bukowskiý Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Sud Gorbaçýowyň Beýik Britaniýa haýsydyr bir missiýa bilen gelendigine, şol missiýanyň hem Gorbaçýowyň eldegrilmezligini kepillendirýändigine esaslanyp, teklibi ret edendigini, şeýle missiýa hiç bir subutnama ýokdugyny” aýtdy.

Londonyň “Albert Hall” konsert zalynda öňki agşam Mihail Gorbaçýowyň 80 ýyllyk ýubileýi bellendi.
XS
SM
MD
LG