Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň birnäçe şäherinde demonstrasiýaçylar saklandy


Düýn Orsýetiň Moskwa, Sankt-Peterburg, Nižniý Nowgorod, Don boýnundaky Rostow şäherlerinde Konstitusiýanyň ýygnaklar, demonstrasiýalar azatlyklaryny kepillendirýän 31-nji maddasynyň berjaý edilmegini talap edip, “Strategiýa 31” atly ýörişler geçirildi.

Peterburgda oppozision “Raýdaşlyk” hereketiniň egindeş başlygy Boris Nemsow, başga-da ençeme adam polisiýa tarapyndan saklanyp, Nemsowy kanun goraýjy organlara boýun egmezlikde aýypladylar we öten agşam goýberdiler.

Moskwada hem Peterburgda saklananlar 150 töweregi, Nižniý Nowgorodda 10-15 adam. Rostowda köp aktiwisti polisiýa “adam sany ýetdi” bahanasy bilen mitinge goýbermändir.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň wekili Tommi Wetor Orsýetde ýygnaklar azatlygyny gorap, protest aksiýalaryna çykanlaryň saklanmagy baradaky habarlara Ak Tamyň alada bildirýändigini habar berdi.

“ABŞ köptaraply gymmatlyklary, şol sanda söz, ýygnaklar azatlyklaryny goramagyň möhümdigini ýene bir gezek aýdýar. Şol hukuklar Orsýetiň Konstitusiýasynda-da, onuň gol çeken halkara ylalaşyklarynda-da berkidilen” diýip, Tommi Wetor aýtdy.

“Ýygnaklar azatlygy bolmazdan, Orsýetde dekabr aýynda geçmeli partlament saýlawlarynda hakyky bäsdeşligi üpjün edip bolmaz” diýlip, beýannamada bellenýär.
XS
SM
MD
LG