Sepleriň elýeterliligi

Rus aktiwistleriniň protestinde onlarça adam tussag edildi


Rus polisiýasy oppozision syýasatçylar Boris Nemsowy we Eduard Limonowy tussag etdi. Olar Moskwanyň merkezinde we Sankt Peterburgda ýüzlerçe aktiwistiň geçirýän protestine goşulypdy.

Polisiýa we aktiwistler Sankt Peterburgda 100-den gowrak, Moskwada bolsa 50 çemesi protestçiniň tussag edilendigini aýdýarlar.

Ozalky hökümet ministri we Kremliň gaty sesli tankytçysy Boris Nemsow Sankt Peterburgda 3-4 ýüz protestçiniň öňüni çekdi. Bu protest her aýyň 31-ne, rus Konstitusiýasynyň parahatçylykly demonstrasiýa ygtyýar berýän 31-nji maddasyny nazara alyp geçirilýän «31 strategiýasy» diýilýän protestleriň biridi.

Ak Tamyň beýanatynda Birleşen Ştatlaryň 31-nji martda parahatçylykly demonstrasiýa gatnaşan orsýetlileriň bir toparynyň tussag edilmeginden alada bildirýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG