Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada müňlerçe adam «Şehitler güni» protestine çykdy


Siriýanyň Daraa şäherinde şu gün müňlerçe adam ýörişe çykdy.

Aktiwsitler bu ýörişi «Şehitler güni» diýip atlandyrdylar we soňky iki hepdede köpüsi Daraada ölen protestçileriň hormatyna köpçülikleýin ýörişe çagyrdylar.

Şaýatlar Daraada 5 müň çemesi adamyň köçelere çykyp, «Biz azatlyk isleýäris» diýip gygyrandyklaryny aýdýarlar.

Şäheriň içi we daşy howpsuzlyk güýçlerinden doldurylan, emma olar protestçileri togtatmak üçin gyssagly çärä görmändir.
XS
SM
MD
LG