Sepleriň elýeterliligi

Bahreýn meşhur blogger Mahmud Al-Ýusufy azat etdi


Bahreýin şu gün tanymal blogger Mahmud Al-Ýusufy azat etdi. Onuň çarşenbe güni tussag edilmegi Birleşen Ştatlar tarapyndan tankyt edildi we bloggeriň boşadylmagy üçin Internet kampaniýasynyň başlanmagyna sebäp boldy.

Kiçijik Aýlak adasy ýurdy bolan Bahreýn soňky hepdelerde zorlukly protestleriň sahnasy boldy we esasan şaýy protestçiler bilen sünni patyşa maşgalasyna ygrarly güýçleriň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 24 adam öldürildi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Al-Ýusufyň we beýleki iki Internet aktiwistiniň tussag edilmegini ýazgaryp, bu kararyň milli dialogy dikeltmegi kynlaşdyrjagyny aýtdy.

Şaýy parlament agzalarynyň bir topary hökümetiň demonstrasiýaçylara gazaply daramagyna protest bildirip, öz orunlaryndan çekildiler.
XS
SM
MD
LG