Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Owganystanda BMG-niň 8 işgäri öldürildi


Musulmanlaryň mukaddes kitaby bolan Kuranyň nusgasynyň otlanandygy baradaky habarlar sebäpli proteste çykan mähelle BMG-niň demirgazyk Owganystandaky edarasynda 8 daşary ýurtlyny öldürdi.

Protestçiler Terri Jonsyň ýolbaşçylygyndaky çaklaňja Florida ybadathanasynda Kuranyň nusgasynyň otlanandygy baradaky habar sebäpli protest edýärdiler.

Ýerli hökümet sözçüsi protestçileriň käbiriniň BMG-niň goragçylarynyň elindäki ýaraglary garbap alyp, polisiýany oka tutandyklaryny we Mazari-Şerifdäki edara zabt edip girendiklerini aýtdy.

BMG-niň Kabuldaky missiýasynyň sözçüsi bu hadysada BMG-niň işgärleriniň öldürilendigini tassyk etdi.

Polisiýa öldürilenleriň ikisiniň kellesiniň kesilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG