Sepleriň elýeterliligi

Gazak lideri «indiki onýyllykda hem ýolbaşçylyga taýýar»


Gazagystanda şu gün prezident saýlawlary kampaniýasynyň soňky güni. Gelýän saýlawlarda resmi taýdan «milletiň lideri» diýlip yglan edilen Nursoltan Nazarbaýewiň ýeňmegine garaşylýar.

Nazarbaýewiň ýekşenbe güni geçjek saýlawlardaky ýeňşine ynam uly bolansoň, hökümet eýýäm onuň saýlawdan soňky syýahat planlaryny aýan edýär.

Nazarbaýewiň syýasy geňeşçisi Ýermuhammet Ýertisbaýew "Habar" döwlet telewideniýesine «ol geljek onýyllyk babatdaky ägirt syýasy niýetlerini ýaşyryp duranok» diýdi.

Muňa garamazdan, Nazarbaýew synçylar tarapyndan adalatly diýlen saýlawda hiç wagt saýlanmady. Nazarbaýewiň güýçli garşydaşlary bolsa, esasan ýurtdan gaçmaga mejbur boldy.
XS
SM
MD
LG