Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: reaktory howpsuzlandyrmak kynlaşýar


“Fukusimo-Daiçi” ýadro desgasy, 24-nji mart 2011-nji ýyl.
“Fukusimo-Daiçi” ýadro desgasy, 24-nji mart 2011-nji ýyl.
Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” ýadro desgasynda zeper ýeten reaktorlary kontrollyk astyna almak barada indi üç hepde bäri tagalla edilýär. Ýöne, üstümizdäki hepde gowşan ýaramaz habarlardan çen tutsaň, bu iş ozal pikir edileninden has kyn boljaga meňzeýär.

Desgada iş alyp barýan halas edijiler topary bu kompleksiň düýbünde ençeme ýerde üýşüp ýatan zäherli deňiz suwunyň üstünden bardylar. Bu bolsa, eremeginiň öňüni almak üçin reaktora goýberilen sowuk suwuň özüniň daşary syrygyp, radioaktiw maddalary ýaýradandygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde-de desganyň daşyndan barlag üçin alnan toprakda plutonininiň ýokary derejesi tapyldy. Bu hem 6 reaktoryň iň azyndan birinde ýangyç sterženleri eýýäm eräp ugrapdyr diýen gorka sebäp boldy. Ýadro ekspertleri: “Ýangyç sterženleriniň ep-esli bölegine zeper ýetendigi indi belli” diýýärler.

“Plutoniniň çeşmesi belli. Ol ýangyç sterženleriniň öz içinden gelýär. Reaktorlarda onuň gelip biljek başga ýeri ýok. Bu biziň ozaldan güman edip gelýän zadymyzy tassyklaýar -bu hem reaktorlaryň iň bärkisi birinde ýangyç sterženlerine azyndan belli bir derejä çenli zyýan ýetenligi. Diýmek, ýangyç materialy içki ilkinji galypdan çykypdyr. Onuň ondan aňry hem geçen bolmagy ähtimal” diýip, Britaniýanyň Mançester Uniwersitetiniň Dalton ýadro institutynyň ýadro eksperti Tim Abram aýdýar.

Ýeten zeperiň näderejededigi anyk belli däl. Fukuşimany ýöredýän Tokio elektrik energivasy kärhanasy bu barada ýeterlik maglumat bermedi.

Şwesiýanyň radiasiýa howpsuzlygy baradaky edarasynyň ýadro eksperti Lars Gansel iň agyr zyýan ýeten 2-nji reaktorda ýangyç sterženlerine ýeten zeper derejesini 10-16 prosent diýip çaklaýar. Onuň aýtmagyna görä, ýangyç sterženlerine zyýan ýeten hem bolsa, bu bölekleýin eremäniň reaktoryň özeniniň doly eremegine sebäp boljakdygyny görkezýän alamat ýok.

“Biziň pikirimizçe, ýangyjyň özenine ýeten zyýan uly. Ýöne reaktoryň galybynda ereme bolýandygyny görkezýän maglumat şu wagta çenli ýok. Gowşan maglumatlardan çaklaýşymyza görä, zeper ýeten özen şindi-de reaktoryň galybynyň içinde” diýip, Gansel aýdýar. “Reaktoryň özenlerindäki häzirki gyzgyn radioaktiw ýangyç sterženleriniň tebigy suratda çüýremeginden gelýär. Bu reaktoryň işläp-işlemezligine bagly proses däl”.

Ulanylýan strategiýa

11-nji martda bolan sarsgyn we sunamiden soň Fukuşima ýadro desgasy hatardan çykdy. Häzir kynçylyk döredýän zat çüýremäni çäklendirip, ýene ereme bolmagynyň öňüni almak. Ýaponiýanyň halas ediş toparlary reaktor sistemasyna suw goýbermek bilen reaktoryň ýangyç sterženlerini sowatmaga synanyşýarlar.

Ýadro eksperti Abramyň pikiriçe, bu strategiýa, çüýreme derejesiniň tebigy suratda assa-ýuwaşdan aşaklamagy bilen birlikde, reaktoryň özenine ýene zeper ýetmek howpuny çäklendirmekde üstünlikli bolana meňzeýär.

Abram: “Birinjiden, wagtyň geçmegi bilen çüýreme gyzgynyň tebigy suratda azalmagy netijesinde sistema girýän gyzgyn hem azalýar. Ikinjiden, gyzgynyň reaktorlardan aýrylmak derejesi artýar. Sebäbi sowadyş sistemasynyň bir bölegi täzeden oturdyldy. Bu zatlary bilelikde alanymyzda, özene ýene zeper ýetmek howpy, bütinleý aýrylyp gitmese-de, azalýar” diýýär.

Zyýan ýeten ýadro reaktorlaryny ýadro ýangyjyny saklap, sowadyp biler ýaly edip täzeden dikeldip bolarmy ýa-da muňa bir bütinleý başga çözgüt gerekmi - bu belli däl. Belli zat - çözgüdiň birnäçe hepdä ýa aýa däl-de, ençeme ýyla çekjekligidir.

Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýadro resmisi Hidehiko Nişiýama: “Biz sowatma işini uzak wagtlap dowam etdirmeli bolarys, bu iş ençe ýyla çeker diýen pikirden ugur almaly” diýýär.
XS
SM
MD
LG