Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ne sebäpden et gymmatlaýar?


Ýakynda Bütindünýä Bankynyň hasabatyna aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletlerinde geçen ýyl azyk önümeleriniň bahasy 50%-den 100%-e çenli galypdyr.
Ýakynda Bütindünýä Bankynyň hasabatyna aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletlerinde geçen ýyl azyk önümeleriniň bahasy 50%-den 100%-e çenli galypdyr.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde etiň we et önümleriniň bahasynyň gymmatlaýandygy äşgär duýulýar. Bu ýagdaý paýtagt Aşgabatda hem şeýle.

Türkmen mediasy ýurtda maldarçylyk pudagynyň ösýändigi barada yzygiderli habar berýän-de bolsa, etiň we et önümleriniň bahasynyň näme üçin ýokarlanýandygyna düşündiriş bermeýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy Annaguly aganyň pikirine görä, ýurduň paýtagtynda etiň bahasynyň ýokary galmagy soňky 10 ýylyň dowamynda şäherde we onuň eteklerinde hususy jaýlaryň, daçalaryň ýykylyp aýrylmagy bilen bagly. Hususy hojalyklar her ýylda iň bolmanda 4-5 sany toklyny idedip, maşgalanyň iýjek etini özlerinden diýen ýaly öndürýärdiler.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan Aýgözel özüniň Aşgabat şäherine et daşaýandygyny gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, her günde Tagtabazardan Aşgabada ýolagçy otlusy bilen ep-esli goýun eti getirilýär. Ol indi bu iş bilen 15 ýyla golaý wagt bäri meşgul bolýandygyny aýdyp, soňky ýyllar etrabyň çäginde hem mallaryň bahasynyň gymmatlaýandygynyň sebäpleri barada gürrüň berdi.

Aýgözeliň maşgalasyndan üç adam, ýagny adamsy hem iki ogly «Türkmenmallary» assosiasiýasynyň öz obalaryndaky daýhan birleşigine degişli mallaryny kärendesine bakmaga alypdyr. Şertnama boýunça her ýylda ene goýunlardan alnan guzularyň 50 prosenti çopanlaryň haky bolmaly. Süriniň sany 1000 diýip kabul eden çopanlar ýolbaşçylarynyň edýän işlerine çydam edip bilmän, bir ýyldan soň sürini tabşyrmakçy bolupdyrlar. Hasaplaşyk geçende bir ýylyň dowamynda ýolbaşçylaryň iýen hasapsyz mallary çopanlaryň boýnuna atylypdyr hem-de olara zähmetine düşýän hak-heşdek üçin iň bir hor-homsy, özüni oňarmaýan, ownuk-uşak mallar berlipdir.

“Şundan soň biziň maşgalamyzda çopan bolmak islegi asla bolmady, ogullarym güzeran aýlamak üçin Aşgabatdaky gurluşyk firmalaryna işlemäge gaýtdylar” diýip, tagtabazarly Aýgözel aýdýar .

Aýgözeliň pikiriçe, öri meýdanlarynda mallaryň sanyny artdyrjak bolsaň, ilki bilen çopanlary höweslendirmeli, olaryň zähmetine hormat goýmaly, ýolbaşçylar ynsaply hem arassa bolmaly. “Häzirki wagtda sürülere meýdandan gelýän möjekler däl-de, ýolbaşçylar howp salýar. Onsoň sürüleriň sany neneňsi artsyn” diýip, Aýgözel nygtaýar.

Soňky wagtlarda bir kilogramy 8 manat 40 teňňeden dolanyp goýlan etler Aşgabadyň ähli azyk dükanlarynda peýda boldy. Ol etleriň Hindistandan getirilýändigini aýdýarlar. Emma häzirki wagtda paýtagty esasan etraplardan gelýän et bilen üpjün edýärler. Etraplaryň öri meýdanlarynda zähmet çekýän çopanlar öz hak-heşdeklerini doly alyp bilmeseler, soňy bilen bu işe-de höwesek adam tapylmaz diýen pikirler öňe sürülýär.

Ýakynda Bütindünýä Bankynyň hasabatyna aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletlerinde geçen ýyl azyk önümeleriniň bahasy 50%-den 100%-e çenli galypdyr.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG