Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alara sapak, çykarara netije köp!


Müsüriň paýtagty Käiriň Tahrir meýdançasyndaky protest mahaly, 2011-njy ýylyň 8-nji fewraly.
Müsüriň paýtagty Käiriň Tahrir meýdançasyndaky protest mahaly, 2011-njy ýylyň 8-nji fewraly.
Arap ýurtlaryndaky wakalardan, hereketlerden, halk tolgunyşyklaryndan Türkmenistana-da netije çykarmaga, almaga birnäçe sapak bar. Ýöne onuň üçin türkmen ýolbaşçylarynyň erk-islegi, başarnygy gerek. Syýasy boýnuýogynlygy, hötjetligi, diýdimzorlugy birýana taşlap, şol sapaklary özleşdirmäge haýal etmän girişmek zerurdyr. Şonda halkyň bähbidine-de, ýolbaşçylaryň öz bähbitlerine-de laýyk geler.

Şeýlelikde, arap wakalarynyň birinji sapagy: döwlet baştutanynyň bu iň ýokary wezipede uzak oturmagynyň halkyň ýüregine düşýändiginden, ýolbaşçynyň çalşygynyň parahatçylykly ýol bilen däl-de, gandöküşikli ýagdaýlarda amala aşyrylýandygyndan ybaratdyr.

Bu sapagy dogry-dürs özleşdirenler bir adamyň döwlet häkimiýetiniň iň ýokary wezipesinde ýurduň Esasy kanunynda kesgitlenen möhletden artyk oturjak bolup her hili pirimlere, Konstitusiýa düzedişler girizmäge ilgezik bolmagyna ýol bermezler.

Dünýäniň köp ýurtlarynda bu wezipäni bir adamyň yzly-yzyna iki gezekden köp eýeläp bilmejekdigi olaryň Esay kanunlarynda berkidilendir. Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň maýynda kabul edilen Konstitusiýasynda hem halkara derejede ykrar edilen bu hukuk düzgüni berkidilipdi.

Ýöne Prezident saýlawlarynyň ýatyrylmagy, Saparmyrat Nyýazowyň ömürlik prezident diýlip yglan edilmegi netijesinde bu konstitusion düzgün Esasy kanundan gümürtik ýagdaýlarda assyryn taşlanypdyr. Bu tilsimi ildeşlerimiziň aglabasy duýman galdylar diýsem, hakykatdan daş düşmerin.

Gynançly ýeri, bir adamyň döwlet başynda bolmagyny iki möhlet bilen çäklendirýän bu demokratik-hukuk düzgüni Esasy kanunymyzyň soňky redaksiýasynda-da dikeldilmändir, Prezidentiň saýlawlary hakyndaky kanunda-da göz öňünde tutulmandyr.

Eger-de arap wakalaryndan dogry netije çykarylsa, bu düzgüniň işe girizilmegi bilen şol bir adamyň belent döwlet wezipesine bikanun ýapyşyp ýatmagynyň öňi alnardy. Ömürlik prezident diýlen bikanunçylyk bolsa döwletde häkimiýeti bir adamyň eýelemegini aňladýar.

Dana ata-babalarymyzyň "Höwes et, bes et" diýen paýhasyna eýerilmegini arap wakalarynyň birinji sapagynyň özleşdirilmeginiň alamaty hasaplap bolar.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG