Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistleri dälihana salmak çykalgamy?!


Garrygalaly graždan aktiwisti Amangelen Şapudakow — Kakyş aga, maňa mälim bolan maglumata görä, 7-nji martdan bäri ýitirim bolupdyr.

Garrygalaly graždan aktiwisti Amangelen Şapudakow
Kakyş aganyň obadaşy bolan ýaşuly: “Men 7-nji martda irden Kakyş aga bilen deňimizden haýdap geçip barýarka salamlaşdym, ol özüniň gyssagly polisiýa bölümine barýandygyny aýtdy“ diýýär.

Amangelen aga Aşgabada barýan uly ýoluň postundan paýtagta goýberilmese hem, ol her hili ýol bilen Aşgabada gidip bilensoň, onuň dost-ýarlary bu ýaşulynyň ýokdugyna kän ähmiýetem bermändirler. Ýöne bu gaýduwsyz ýaşulynyň ýakyn tanşy Sazak mugallym onuň baraýjak ýerleri bilen habarlaşyp, halkara zenanlar gününiň öň ýanyndan bäri Kakyş aganyň ýitirim bolandygyny anyklapdyr. Sazak mugallym doly anyklap bilmese hem, Kakyş aganyň ilkibaşda Balkanabadyň psihiki kesellileriň hassahanasyna ýerleşdirilip, indem onuň Lebapdaky dälihana salnan bolmagynyň mümkindigi hakynda gytaklaýyn tassyklama alypdyr.

27-nji martda, agşam, Garrygala etrap polisiýasyndan adyny aýtmak islemese hem, özüni «nobatçy» diýip tanadan polisiýa işgäri Amangelen aganyň Balkanabadyň psihiki dispanserine eltilendigini gytaklaýyn tassyklap, ony wraçlaryň şol ýere ýerleşdirendigini telefon gürrüňdeşliginde aýtdy.

Balkanabadyň psihiki dispanserinden Amangelen aganyň şol ýerdeligi ýa-da däldigi hakynda maglumat almak başartmady. Sebäbi şol dispanseriň wraçlarynyň, ýolbaşçylarynyň tassyklamagyna görä, olar diňe nasagyň hossarlaryna ýa-da resmi derejede idelende näsag hakynda maglumat bermäge borçlumyş.

Kakyş aganyň bir ogly, bir gyzy onuň iň ýakyn hossarlary, emma soňky iki ýylyň dowamynda Kakyş aga çagalary bilen miras galdyrmak meselesinde oňuşmandy.

Şeýlelikde, Amangelen aga çagalary bilen miras meselesinde maşgala dawasyna girdi. Bu ýaşulyny tanaýan, meniň bilen gürrüňdeş bolan adamlar Kakyş aganyň psihiki kesellileriň keselhanasynyň haýsysyna ýerleşdirilenem bolsa, onuň ogul-gyzynyň uly hyzmatynyň bolan bolmagynyň mümkindigini ortadan aýyrmadylar. Şonuň üçin resmi derejede gyzyklanyp, Kakyş aganyň niredeligi anyklanmasa, onuň çagalary üçin pederlerine näme bolany gyzyklandyrmaýana meňzeýär.

Nämeden başlady?

Aslynda, bu gaýduwsyz ýaşulynyň başyna şeýle günler nähili ýagdaýda düşdi? Kakyş aga bütin ömrüne ýolbaşçylar bilen darkaş gurup, halka hyzmat etdi. Onuň obadaşlary hut Kakyş aganyň tagallasy bilen obanyň ýakynyna turbalar bilen suw getirilendigini, gaz çekilendigini, hatda suw skwažinalarynyň gurlandygyny biragyzdan diýen ýaly tassyklaýarlar. Etrabyň häzirki häkimi Sakgar obasynyň arçynyka Kakyş aga bilen mäşi bişişmändir.

Amangelen aga çagalary bilen maşgala dawasynyň Garrygalanyň etrap häkimi tarapyndan meçew berlip, onuň has çişirilendigini tassyklaýar. Men Kakyş aganyň Garrygalanyň etrap häkimi Hudaýnazar Toýlyýewe bildirýän aýyplamalaryny sud kesgitlemezden tassyklap biljek däl, ýöne bu gaýduwsyz graždan aktiwistiniň arza-şikaýatynyň öňüni aljak bolup, ony Aşgabada goýbermezlik üçin etrap ýolbaşçylarynyň şu çaka çenli eden tagallalary, indem Kakyş aganyň ýitirim bolup, sag halyna deslapky maglumata görä, dälihana ýerleşdirilmegi köp sowallary döredýär.

Garrygalaly graždan aktiwisti Amangelen aganyň etrap häkimi Hudaýnazar Toýlyýew bilenem, soňra ýaşulynyň aýtmagyna görä, etrap ýolbaşçylarynyň meçew bermeginde gurnalan maşgala dawasynda-da näderejede mamladygyny hem aýdyp biljek däl. Ýöne onuň däli däldigine welin kepil geçip biljek. Onsoň kim tarapyndan bu graždan aktiwisti dälihana ýerleşdirilenem bolsa ýa-da nirededir bir ýerde gabawda saklanýanam bolsa ýurduň abraýyna abraý goşmaz. Şol sebäpli ol tizden-tiz boşadylmalydyr. Düşnüksiz sebäbe görä, 20 günden gowrak wagt bäri ýitirim bolan, deslapky maglumata görä Balkanabadyň psihiki dispanserine ýerleşdirilen Kakyş agany döwlet ýolbaşçylarynyň boşatmaga ýardam etjekdigine umut bildirýärin, çünki sag adamyň ruhy taýdan näsaglaryň keselhanasyna ýerleşdirilmegi hiç haçanam döwlet ýolbaşçylarynyň abraýyna bolmandy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG