Sepleriň elýeterliligi

Iki ýyl ozal ýykylan uçaryň bölekleri tapyldy


Fransuz derňewçileri Fransuz howa ýollarynyň iki ýyla golaý mundan öň Atlantik okeanyna ýykylan uçarynyň käbir böleklerini tapandyklaryny aýdýarlar.

Heläkçilige uçran uçarda 228 adam bardy.

Fransiýanyň howa hadysalaryny derňeýän gullugy gözlegçileriň ýekşenbe güni agşamlyk geçen 24 sagadyň dowamynda “Airbus A330” ýolagçy uçarynyň ýykylan ýerini kesgitländiklerini aýtdy.

Rio de Žaneýrodan Pariže gelýän fransuz uçary 2009-njy ýylyň 1-nji iýunynda Atlantika okeanyna ýykylypdy.
XS
SM
MD
LG