Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa: radiasiýa syzmasyny duruzmak aýlap wagt alar


Ýaponiýa üç hepde ozal bolan weýrançylykly ýer yranmasy we sunami sebäpli agyr zeper ýeten Fukuşima atom elektrik stansiýasyndan radiasiýa syzmasyny duruzmagyň aýlap wagt aljagyny duýdurdy.

Ýadro howpsuzylygy resmisi Siýji Şiroýa žurnalistlere radiasiýanyň syzmasyny duruzmazdan öň stansiýanyň sowadyş sistemasynyň işiniň dikeldilmelidigini aýtdy.

Ol bu işiň birnäçe aý wagt almagynyň mümkindigini, sebäbi döwük-enjik harabalarynyň hem-de radiasiýa derejesiniň ýokary bolmagynyň bir topar kynçylyk döredýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG